Gel­jek ýy­lyň şy­ga­ry mas­la­hat­la­şyl­ýar

28 Noýabr 2024
217

Go­laý­da mil­li par­la­men­tiň bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň go­laý­da be­ren tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak we onuň ny­şa­ny­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, de­pu­tat­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Mas­la­hat­da hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş­la­ryň 2025-nji ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak hem-de onuň ny­şa­ny­ny kes­git­le­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­ri­ni öw­ren­mek, ýer­ler­de bu ba­bat­da mas­la­hat­la­ry, du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýy­lyň ady­nyň hem-de ny­şa­ny­nyň ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, hoş­ni­ýet­li içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, hal­ky­my­zyň je­bis­li­gi­ni, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny şöh­le­len­dir­me­li­di­gi­ne üns çe­kil­di. Il­ki bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa çy­kyş edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän her ýy­la öz­bo­luş­ly at goý­ma­gyň asyl­ly dä­be öw­rü­len­di­gi­ni, 2025-nji ýy­lyň hem ýur­du­myz üçin mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de ka­bul edi­len «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­dan, şeý­le-de gel­jek ýyl­da döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň bel­le­nil­ýän­di­gin­den ugur alyn­sa, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar.