Ady äleme ýazylan Arkadagyň şäheri

27 Noýabr 2024
200

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinden çykyp, günbatarlygyna sary ýola rowana bolarsyň welin, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, arhitektorlyk ussatlygyndan dörän Arkadag şäheri seleňläp görner. Bu ajaýyplygy ýazyjylar döredijilikli wasp etseler, şahyrlar şanyna goşgudyr gazal düzüp, şahyrana beýan edýärler. Ýol ýakalary al-elwan güllere, ýaşyl zolaklara beslenen aýna ýaly köçeleriň ugrunda bina edilen ýaşaýyş we edara binalary özüniň gurluş aýratynlygy taýdan akylyňy haýrana goýýar.

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok. Çünki şeýle mümkinçilikleri, sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, ekologik taýdan arassa şäherde söwda nokatlary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta mekdepler, kitaphana, teatr, medeni we durmuş maksatly binalar, elektromobillerdir elektrobuslar, mahlasy, ähli zat halkyň hyzmatynda.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.