Bagt

27 Noýabr 2024
209

Bu gün bir adam: «Bir bakyşda aşyk bolanlar baky söýýärler» diýdi. Belki, bu hem dogrudyr. Ýöne meni başga zat pikirlendirdi.

«...Men oňa bir ýa-da millionlarça bakyşda aşyk bolmandym. Men ony ýyllaryň dowamynda söýüp galdym. Her bir hereketini, her bir sözüni, özüni. Ol başgalardan üýtgeşigem däl, owadanam. «Elhepus» diýdirjek göze ilginç artykmaçlygam ýok, aýdyp berer ýaly. Çünki men ony maddy, ötegçi zatlary üçin saýlamadym. Men onuň hiç kimiňkä meňzemeýän ýüregini saýladym. Aslynda, öz köňül söýen ýaryň bilen durmuş gurmak, bagtly bolmak uly bagt. Biziň toý edenimize 49 ýyl boldy. «Ýöne hiç haçan aramyzda öýke-kine bolmady» diýip biljek däl. Biri-birimiziň göwnüne-de degdik, düşünişmezlikler hem boldy. Öýkeleşdigem. Bu hemme maşgalada-da bolýan zat. Emma biz şol kinäni bir sagatdan uzak saklamadyk. Bu hem biziň aramyzdaky söýgini has-da berkitdi, süýjetdi. Bir-birege bolan hormatymyzy artdyrdy. Aslynda bagtly ýaşamagyň syry hem şunuň ýaly ýönekeýje zatlardan ybarat.

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».