Halypa sarpasy

26 Noýabr 2024
215

Mollanepes Hywa medresesinde okap ýörkä Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen ymykly tanşyp, çuňňur oý-pikirlere berildi. Bu täzeçe oýlanyş öz-özünden döremedi. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny okap çykan Mollanepes çuňňur gözýetmez umman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ummanyň haýsy kenaryndan baryp, haýsy many joşgunyna eýe bolmaly? Mollanepes köp pikirlenensoň: «Bu uç-gyraksyz edebi ummanyň bir şahasyny saýlap almaly» diýen karara geldi. Ýogsam «Aňsa» atly şygryny okap gören danyşment Sadyk molla haýran galyp, Mollanepese şeýle diýipdi:

— Ertiriň özünde baş pire aýdaýyn. Sen arkaýyn Magtymgulynyň hüjresinde ýaşaber.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
ýazyjy.