Nesil terbiýesinde egsilmez hazyna

24 Noýabr 2024
427

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Ynsanperwerlige ýugrulan taglymatlary, bitirýän beýik işleri eziz Diýarymyzda jenneti emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserleri halkyň ruhy ösüşlerine berk binýat bolýar. Türkmen ata-baba kitaba sarpa goýan halk. Adam öz akyl-paýhasyny, ylmy garaýyşlaryny hemmeleriň peýdalanmagy üçin kitaplarda jemläpdir. Kitaplar adam paýhasynyň maddylaşmasy bolup, dünýä baýlyklarynyň hemmesinden ýokarda durýan baýlykdyr. Kitap akyl işi bilen meşgullanýan adamlaryň akyl-paýhasynyň, zehin daragtynyň datly miwesidir, asyrlardan gaýdýan ruhy hazynasydyr. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserleri biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserindäki şu jümleler aýratyn bellenmäge mynasypdyr: «Ýaşlar — biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetişdiripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň — hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler». Gahryman Arkadagymyz şu parasatly sözleriň üsti bilen ol ruhy akademiýanyň ata-enäniň kalbynda, ýüreginiň jümmüşinde, atanyň öz balasyna berýän sargytlarynda, enäniň şirin hüwdüsinde, gadymyýetiň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň, beýik alymlarynyň işlerindedigini çeper sözleriň üsti bilen beýan edýär. Bu kitaplardaky jümleler, bir tarapdan, özünde hikmetli hekaýatlary jemlemek bilen, diliniň çeperligi taýdan tapawutlansa, ikinji tarapdan, halkyň mugallymçylyga bolan hormatynyň, söýgüsiniň ýene bir gez beýgelmegine, adam gatnaşyklarynyň mähirliligine, perzentleriniň ylymly-bilimli, hünärli bolmagyna göz ýetirmegiňe ýardam edýär. Ajaýyp kitaplary okap oturyşyňa pederleriň ynsanyýet üçin döredýän hazynasynyň gymmatynyň uludygyny we ägirt uly jemgyýetçilik ähmiýetine eýedigini görmek bolýar. Netijede adamyň kalbynda ruhy ösüşler şineläp başlaýar.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda şeýle belleýär: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri saýlamagyny gazanmagyň tarapdary». Kitapda ýene-de şeýle bellenilýär: «Bu hatda diňe orta bilim berýän mekdeplere däl, eýsem, mekdebe çenli çagalar edaralaryna hem degişlidir. Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler».

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.