Synp sagatlarynda guramaçylyk işleri

24 Noýabr 2024
418

Mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň öňünde orta mekdebi tamamlap, täze durmuşa ugrukmak meselesi durýar. Şunda ýaşlara maslahat berip, dogry ýola gönükdirmekde mugallymlara uly orun degişlidir. Synp sagatlarymda okuwçylarym bilen temalar boýunça sapagy täsirli guramaga çalyşýaryn. Munuň üçin sapagyň temasyny has täsirli guramak usullaryna aýratyn üns berýärin. Synpyň okuwçylaryny toparlara bölýärin. Temalar esasynda her tema boýunça bir toparyň taýýarlanmagyny, beýleki toparlaryň bolsa soraglar bilen çykyş etmeklerini guraýaryn.

Öz okadýan synpymda «Perzendiň öňündäki borçlar» diýen tema boýunça gyzykly synp sapagyny guradym. Ilki bilen, multimedia tagtasyna okuwçylaryň ünsüni çekdim. Tagtada parasatly sözleri mysal getirdim, ýagny: «Borç — ata-enäniň, Watanyň öňündäki perzentlik borjy. Borjuna düşünenler tiz maksada ýetýär. Ýaş nesliň borjy bagtly ýaşamakdan — ata-enäniň arzuwyny amala aşyrmakdan, özüň barada alada edýän eziz ynsanlaryň ynamyny ödemekden ybarat» diýen jümleleri okap berýärin. Toparlar boýunça okalan jümläniň manysyna düşündiriş berýäris. Soňra sapak boýunça çykyş etmeli toparyň taýýarlan slaýd şekillerine we gysgajyk edebi sahnasyna tomaşa edýäris.

Sülgün HANGELDIÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.