Has dogrusy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana 333 million ýewrodan gowrak maýa gönükdirdi. Onuň netijesinde ýurdumyzyň senagatynda, kiçi we orta telekeçiliginde 87 taslama durmuşa geçiriler.
Häzirki wagtda ÝTÖB-iň gönükdiren maýasynyň netijesinde ýurdumyzda umumy bahasy 22 million ýewro deň bolan 15 taslama alnyp barylýar. Olaryň hatarynda işewürlik işiniň sanlylaşdyrylmagyny, halkara hil ölçeglerine ýetmekde kompaniýalara berilýän goldawlary aýtmak bolar. Şeýle-de bankyň hem-de türkmen tarapynyň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda bäş ýyllyk meýilnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň esasy maksady ýurdumyzyň eksportynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de infrastrukturany ösdürmek bolup durýar. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär.