Nusgalyk göreldä eýerip

22 Noýabr 2024
243

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýy täze belentliklere göterilýär. Ýurdumyzyň halkara derejede parahatçylygy, abadançylygy, birek-birege ynanyşmagy pugtalandyrmak bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty, bedenterbiýäni wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezmegi şol at-abraýyň belende göterilmeginiň esasy sebäpleriniň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen türgenleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler dünýä nusgalykdyr. Merdana türgenlerimiziň dürli halkara ýaryşlarda görkezýän ýokary netijeleri bolsa biziň hemmämizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Şeýle türgenlere sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçirilmeginiň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülendigem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda biz bu hakykata göz ýetirdik. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň Saglyk ýolundan geçmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda her bir türkmenistanly üçin nusgalyk görelde bolup durýandygyny nobatdaky gezek aýan edip, kalplarymyzdaky buýsanjymyza buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçiren ägirt uly işleriniň netijesinde Ýer ýüzünde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzda dürli ýyllarda sebit, yklym, dünýä möçberindäki iri ýaryşlaryň ýokary derejede geçirilmegi, bu asylly ýörelgäniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolmagy hem kalplary hoşallyklara, buýsanja besleýän ajaýyplykdyr.