Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

22 Noýabr 2024
228

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylan giň gerimli işleriň netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde uly tejribesi bolan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt bolup durýar.

Eziz Watanymyzyň sport ulgamyndaky halkara başlangyçlary hem uly goldawa eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşidir, sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasydyr. Kararnama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhüm resminamadygyny aýdyň görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 83-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ýörite Kararnamanyň kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň uly üstünligidir. Degişli Kararnamalar esasynda giň gerimli sport çäreleriniň, halkara ýaryşlaryň guralmagy bolsa ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary diňe bir öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýändigini görkezýär.

Süleýman JUMAGYLYJOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň dekany.