Düýn Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Bu ýerde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi öz işini hem dowam etdi. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýetilen sepgitler, giň gözýetimler