Türki halklaryň umumy hazynasy

21 Noýabr 2024
235

«Gorkut ata», «Kitaby dädem Gorkut» diýlip atlandyrylýan şadessan türkmen halkynyň gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2018-nji ýylda Mawrikiý Respublikasynyň Port-Lui şäherinde geçirilen mejlisinde türki dilli döwletleriň umumy tagallalary netijesinde «Gorkut atanyň» ýaýrawy has-da giňedi. Şol mejlisde «Gorkut ata» eposy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Biziň halkymyzda «Gorkut ata» diýlende, diňe bir asyrlardan aşyp gelýän eser däl-de, keramatdan paýly, paýhasly goja göz öňüňe gelýär. Şeýle ýagdaý beýleki türki halklaryň hem käbirinde gabat gelýär. Şonuň üçin-de Gündogaryň alymlary Gorkut atanyň taryhy şahs bolandygy baradaky maglumatlaryň gözleginde bolupdyrlar. Fazlalla Reşideddiniň, Alyşir Nowaýynyň, Salyr baba Gulaly oglunyň, Abulgazy Bahadyr hanyň nesillere miras galdyran kitaplarynda Gorkut ata bilen baglanyşykly maglumatlar getirilýär. Nusaýda ýaşap geçen taryhçy Salyr baba Gulaly oglunyň kitabynyň «Oguz we öwlad we etbag we bari etrak taryhyndan» atly bölüminde Gorkut Garahoja oglunyň örän akylly, dana hem-de keramatly ynsan bolandygy, onuň ýüz togsan bäş ýaşandygy barada maglumatlar getirilýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.