Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binalar toplumynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi. Forumyň işine iki döwletiň ýokary derejeli wekilleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň, iki ýurduň käbir welaýatlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.