Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport bäsleşiklerinde türkmen Tuguny buýsançly pasyrdadyp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrýan ýaş türgenleriň ýeňişleri aýdyňlygy bilen delillendirýär. Şeýle ýeňişleriň ýylsaýyn artýandygy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda sport bilen meşgullanýan ýaş nesillere ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändiginden habar berýär.
Şu ýylyň 10 — 13-nji noýabry aralygynda hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylaryndan Abdyresul Durdyýew 62 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, esger Nobatgeldi Nazarow 100 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Çaryýar Ataýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçysy, seržant Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldular. Harby gullukçylar şeýle halkara üstünlikleri gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.