Beýikler özi üçin ýaşamaýarlar,
Ömrüni bagyş edip iliň derdine.
Olar hak sözüni orta atýarlar,
Beýle mertlik başartmaýar her kime.
Olaryň ýüregi naçara mährem,
Penasyza saýa, mätäje arka.
Olaryň gollary yşkyň dänesin,
Harpykdan saýlaýan elek deý halka.