Hemişelik hemramyz

20 Noýabr 2024
176

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar, dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar hem yzygiderli giňeldilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bilim basgançaklary bilen öňe gitmegine, häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmegine, daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmegine ýakyndan ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynyň dürli halkara ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp bolmaklary Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar.

Ylym-bilim bilen bir hatarda, biziň — ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagymyz, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, biz okuwdan boş wagtlarymyz sport bilen meşgullanmagy durmuş endigimize öwürdik. Bu biziň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegimizde möhüm ähmiýete eýedir.

Perhatgeldi ŞURAÝEW,
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy.