Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

19 Noýabr 2024
411

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk ýörelgelerini, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek işleri döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Öňňin Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birnäçe günläp dowam edýän bu medeni çäre ýokary ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Mugallymlar gazeti».