Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň Lebap sebitinde çempion boldy. Duşuşyklaryň 12-sinde garşydaş derwezelere 55 pökgi geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 20 gol gören «Bagtyýarlyk» 29 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi. Ol iň ýakyn bäsdeşinden 6 utuk öňe saýlanmagy başardy.
Ýaryşda ikinji orny ýene-de welaýat merkeziniň «Miras» topary eýeledi. Aslynda, üçünji orundaky «Nesil» bilen ikinji orundaky «Mirasyň» ikisi hem 23 utuk toplady. Ýöne käbir artykmaçlyklara görä, «Mirasa» ikinji, «Nesile» bolsa üçünji orun berildi.