Iň soňky gezek haçan kitap okadyň?

18 Noýabr 2024
298

Okamagyň sogaby hakynda heniz oglankam eşiden şeýle mazmunly hekaýatym ýadyma düşýär: Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abywerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. «Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hatda ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin?!» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri, bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. «Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. «Ýeri, bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr» diýip ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. «Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da duýup bilmeýär. Atalarymyzyň aňymyza guýan şeýle öwütleri bar: Eger bir işiňiz ugrukmasa, şu üç işi: ýagdaýyň boldugyndan sadaka bermegi, başardygyňdan ýagşylyk etmegi we kitap okamagy berjaý ediň. Ana, şondan soň işiň ugrugyp gidişine haýran galarsyň» diýip jogap beripdir. Şu hekaýatyň mazmunyndan görnüşi ýaly, kitap okamak, ylym-bilimiňi artdyrmak hem sogap, hem zeruryýet hasaplanýar. Şoňa görä-de, biz gowy kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan.