Eýranyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary, “Infrastructure Communications” kompaniýasynyň Baş direktory Behzad Akbari Aşgabatda eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen gepleşikleri geçirdi.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, duşuşykda Eýranda sanly infrastrukturany ösdürmekdäki öňegidişlikler bilen tanyşdyryldy şeýle hem özara gatnaşyklara, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden ulag gatnawyny giňeltmek mümkinçiliklere seredildi.