Ynsan erkinliginiň goragçysy

2 Ýanwar 2021
2032

Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar.

Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar.

Terjime eden Hojamuhammet AGORAZOW