TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi

18 Noýabr 2024
186

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.

Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, Änew dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň we geçmişiň ösen medeniýetleriniň möhüm merkezleriniň biri diýlip ykrar edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Şeýlelikde, XIX asyryň ahyrynda Änew medeniýetiniň ylmy taýdan açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bereketli künjek milli ruhy-ahlak däplerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiren halkymyzyň baý medeni mirasyny özünde jemleýär.