Milli parlamentiň binasynda hormatly Prezidentimiziň golaýda beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, deputatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek bilen bagly tekliplerini öwrenmek, ýerlerde bu babatda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýylyň adynyň hem-de nyşanynyň ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli içeri hem daşary syýasatyny, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirmelidigine üns çekildi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän her ýyla özboluşly at goýmagyň asylly däbe öwrülendigini, 2025-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin möhüm wakalara baý boljakdygyny nygtady. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan, şeýle-de geljek ýylda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýändiginden ugur alynsa, maksadalaýyk bolar.