Türkmenistan we «Huawei»: sanly geljek we MKT boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk

17 Noýabr 2024
193

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew «Huawei» kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça AKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Duşuşykda maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: www.education.gov.tm