Gymmatly gollanma

15 Noýabr 2024
216

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär.

Eziz Diýarymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze XVI jildi çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky, galyberse-de, dünýä jemgyýetçiligi üçin örän uly gollanma hem-de ähmiýetli eser bolup durýar.