Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösen sport ulgamyna eýe bolan, abraýly ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan Türkmenistan häzirki wagta çenli ençeme döwletler bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekdi.
Ýurdumyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär.