Ösüşli ýollar — ak menziller

1 Ýanwar 2021
1606

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygyna söz berildi. Ol milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. Bu ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi, Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

"Nesil".