Ýa­şyl ýa­şaý­şa go­şant

14 Noýabr 2024
228

Türk­men hal­ky asyr­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­me­giň we onuň bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­ma­gyň öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. 9-njy no­ýabr­da hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Di­ýa­ry­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­lip, onuň do­wa­myn­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça müň­ler­çe düýp agaç na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi hem bu ha­ky­ka­tyň aý­dyň şöh­le­len­me­si­dir.

Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, halk köp­çü­li­gi bar.