Okuw-maslahat netijeli häsiýete eýe boldy

14 Noýabr 2024
260

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda “Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talabydyr” atly okuw-maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan okuw-maslahata paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň çägindäki dokma pudagyna degişli kärhanalaryň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, degişli hünärmenler we utgaşdyryjylar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy Oguljeren Şyhyýewanyň giňişleýin çykyşy okuw-maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly dykgat bilen diňlendi. Ol çykyşynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, şol sanda dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda gürrüň edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işleri döwrüň ruhuna laýyklykda guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Akgözel HOJALIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.