Taryhy gymmatlyklara sarpa

14 Noýabr 2024
276

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda milli öwüşginli medeni-ruhy gymmatlyklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşant goşup gelen gadymy millet hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, Daşoguz welaýatynda hem şöhratly taryhymyzy öwrenmek, gadymy ýadygärlikleri gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Daşoguz şäheri 2016-njy ýylda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli halkara derejede geçirilen medeni çäreler, ylmy-amaly maslahatlar gadymy şäheriň taryhy-medeni baýlyklaryny, syýahatçylyk kuwwatyny has giňden açyp görkezmek, Arkalaşygyň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu gün Daşoguz şäherine geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän, medeniýetleridir halklary biri-birine ýakynlaşdyrýan dostlugyň, doganlygyň şäheri diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Bu toprakda keramatly ýerleriň, gadymy galalaryň 20-ä golaýy ýerleşýär. Köp sanly arheologik we binagärlik ýadygärlikleri, taryhy ýerler üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen keramatly topragyň şöhratly geçmişinden, bu toprakda şol döwürde medeniýetiň, binagärligiň, ylmyň, bilimiň, sungatyň gülläp ösendiginden habar berýär.

Selbi AMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň döwlet arhiwiniň hünärmeni.