Bir ömre ýeterlik maslahat

13 Noýabr 2024
236

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan:

— Bir gezek jahany keşt edip ýören adamlaryň biri alymyň ýanyna baryp: «Maňa bir ömre ýeterlik maslahat ber!» diýipdir. Diňe kitaplary däl, durmuşy hem okap bilýän, oňa çuňňur düşünýän alym: «Oglum, şu dört zada amal etseň, işleriň hemişe ugruna bolar. Birinjisi, diňe ýagşy zatlary sözle ýa-da dym; ikinjisi, hiç hili ähmiýeti ýok zatlara güýmenme; üçünjisi, gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma; dördünjisi, özüňe isleýän gowy zatlaryňy beýlekilere hem rowa gör» diýipdir. Adam balasy, diline erk edip bilse, diňe ýagşy zatlary ýaýsa; gerekmejek zatlara wagtyny sarp etmese, ünsüni diňe ähmiýetli, çyndanam peýdaly amallara gönükdirse; gaharyna bäs gelip, özüne erk edip bilse; hemmelere päkize niýetli, arassa ýürekli garasa, ýagşy dileg-dogaly bolsa, ýardam etse, arkalaşsa, ol ynsan bagta, deprenmez döwlete mynasyp boljak ynsandyr» diýip, alym-akyldar maslahat beripdir.