Şahyr maşgala mukaddesligi barada

13 Noýabr 2024
316

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa baý şygryýetiniň agramly bölegi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň buýsanjy, ýüzüniň tuwagy, namys-ary hem-de belent mertebesi bolup gelen türkmen gelin-gyzlaryna bagyşlanýar.

Şahyryň bu temada ýazan şygyrlaryny üç topara bölmek mümkin. Birinji topara degişli yşk-söýgi hakyndaky kämil şygyrlar şahyryň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Ikinjiden, gelin-gyzlaryň edep-ekramyna, ýagşy hulklaryna bagyşlanan goşgularda halkymyzyň edep-ekram kadalary, nesil terbiýesi örboýuna galýar. Üçünjiden, gelin-gyzlar, olaryň durmuşdaky orny hakyndaky goşgularynda Magtymguly Pyragy zenanlaryň uly hormata, päk söýgä mynasypdygyny aýratyn belläp geçýär. Şahyryň köp sanly şygyrlarynda gelin-gyzlaryň gözelligi nepis duýgular, çuňňur pelsepeli pikirler bilen wasp edilýär. Şahyr olaryň içki dünýäsiniň hem-de daşky keşbiniň gözelligini, edep-ekramyny we olara mahsus bolan hereketlerini çeper keşpleriň, täsirli sözleriň, pikirleriň üsti bilen ussatlarça taryp edýär.

Aýna GAÝYPOWA,
Daşoguz şäherindäki 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.