Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýaş nesilleriň sagdyn we ruhubelent ösmegi, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleri has-da kämilleşdirmekde, jemgyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan harby bilim ulgamyna-da aýratyn uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ýurt goragçylaryny ýetişdirmegiň, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik we gahrymançylyk ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmegiň mekdebidir. Bu mekdep bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, üns-aladasy, dowamly goldawy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iň kämil watançylyk mekdebine öwrüldi. Merdanalygy ýol-ýörelge edinýän Watan goragçylarymyz harby gullugy uly ruhubelentlikde alyp barýarlar. Kalby synmaz watansöýüjilige, merdanalyga eýlenen milli goşunymyzyň serkerdeleri öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, Watan goragyny ähli zatdan belentde saýýan kämil harby gullukçylary taýýarlaýarlar.