Güýz — gözellige, öwüşgine, täsin duýgulara baý pasyl. Ähli gök we bakja önümleriniň bol hasylynyň ýygnalýan wagty. Güýz pasly maňa-da durmuşymyň iň gözel pursatlaryny ýatladýar. Mekdebe ilkinji gadam basyşym, oba gyzlary bolup pagta ýygşymyz, öýümiziň gapdalyndaky ekinçilikde ýetişdiren gawun-garpyzlarymyzy jigilerim bilen harman jaýa daşap ýörşümiz, soňra kakamyň hemmämizi daşyna üýşürip, bal ýaly gawundan kesip berişi, ejem janyň bolsa olardan süýji toşap gaýnatmagy... bularyň hemmesi güýz paslynyň gyzykly hysyrdylary bolup aňymda janlanýar.
Wagt diýilýän, bedew at kimin ýyldyrym çaltlygynda geçdi ötägidiberdi. Ýokardaky ýatlamalarymyň yzyny talyplyk ýyllarym bilen dowam etmäge başladym. Talyp ýyllarymyň ilkinji günleri hem güýzde başlanypdy. Men duýgularyň näzikligini, inçeligini, üýtgeşikligini güýz bilen baglanyşdyrýaryn. Kä günler işden soň, şäherimiziň seýilgähine aýlanýaryn. Seýilgäh şeýle bir owadan! Töwerek-daş dürli öwüşgine beslenen. Saralyp, gurap başlan ýapraklar şemalyň sesine şygyr-şygyr edýärler.