Ilkinji gezek hatarara bejergi geçirmek üçin traktory bilen gowaçaly pele gireni edil düýnjük ýaly Töräniň ýadyna düşýär. Örän tolgunypdy. Hatda: «Bu meniň işim däl bolaýmasyn, traktorçylygy öwredýän üç aýlyk gysga möhletli okuwy tamamlap, irräk begenäýipdirin öýdýän» diýen ýaly şübheli oý-pikirlerem serine gelmän durmandy. Şonda gowaçaly peliň gyrasynda duran baýry traktorçy Muhammet aga nazary düşende, geçen gün daýhan birleşiginiň başlygy bilen bolan söhbetdeşlik dessine hyýalynda gaýtalandy.
— Ilkinji gezek bejergi geçirmek seniň ýaly ýaş traktorçylara kyn düşjegini bilýäris. Şonuň üçin Muhammet Ýangibaýewe ýörite tabşyryk berendiris. Ol saňa işiň aýratynlyklaryny öwreder. Bir atyzda ol hem seniň ýanyňda bejergi geçirer. Ol öz traktorynda, sen öz traktoryňda. Bilmeýäniňi soranyň hiç hili aýby ýok — diýip, başlygyň aýdanlary oňa teselli bolup eşidildi.