Biziň her birimiziň nesibämize bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamak ýaly beýik hem mukaddes ykbal ýazylypdyr. Men muny Garaşsyz döwletimiziň asuda daň-säherlerini, arassa asmanyny, ak ertirleriniň ak bagtyny gulaçlap çagalar bagyna gatnaýan körpelerini, ak mekdepleriň gujagyna dolýan okuwçylaryny, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlaryny, halal zähmetiň eşret-hözirini görüp, döwletimiziň ösüşlerine saldamly goşant goşýan merdana zähmet adamlaryny görüp aýdýaryn. Çünki men hem şol bagtyýar nesliň biri.
Şeýle bolansoň bu bagtly pursatlary her gün synlap, kalbym begenç-buýsançdan püre-pürlenýär. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa il-ulsumyzyň bu bagtyýarlygynyň üstüne ýene-de we ýene-de eşret goşmak üçin taýsyz tagallalary edýärler. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.