Ömür kerweni yraň atyp gidip otyr. Sen bolsa kerwene çatylan arwananyň üstünde hataba ýapyşyp oturşyňa ömür salynyň tanapyny külterleýärsiň. Şonda, bu durumsyz dünýäniň dört künjünde bolup geçen wakalar bilen bir hatarda, öz başyňdan geçen ahwalatlar hem hatar-hatar bolup hakydaňda janlanýar. Olaryň käsi seni agyr oýlara atarsa, käsi ýakymly ýylgyryşa, käsi bolsa gülküdir şatlyk-şagalaňly pursatlara gaplar. Hakyda horjunynda olaryň aglabasy ýagşylyk ýatlamalary bolup ornap galypdyr. Köpekmyrat Akow hem ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp adam.
1976-njy ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda talyplar klubynyň sahnalaşdyran täze spektakly görkezilýärdi. Biz ýokary okuw mekdebiniň talyplary bolup sapakdan soň hezil edip, täze sahna oýnuna tomaşa edýärdik. Sahnada dürli keşpleri döredýän talyplaryň arasynda öz bile okaýan ýoldaşlarymyzyň çykyş etmegi bizi diýseň buýsandyrýardy. Spektakl tamamlanandan soň alyp baryjy oňa gatnaşyjylaryň ählisini, şol sanda talyplar klubunyň direktory Köpekmyrat Akowy hem sahna çagyrdy. Güwwüldili el çarpyşmalar tamamlanandan soň talyplar klubunyň direktory söz sözläp, çykyşynyň soňunda şol gün agşam şäheriň medeni-dynç alyş seýilbagynda ýokary okuw mekdebiniň «Jeýhun» wokal-instrumental ansamblynyň ýörite konsert berýändigini aýdyp, hemmeleri oňa tomaşa etmäge çagyrdy. Asyl, ol şol ansamblyň hem çeper ýolbaşçysy eken.