Saçaklarymyza görk berýän miweleriň biri-de hurmadyr. Ol diňe bir görk bermän, eýsem, saglygymyz üçin hem diýseň peýdaly önümdir. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Onuň düzüminde С ýokumy, uglewodlar, organiki turşular we şeker saklanýar. Şol sebäpden ol ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar.