Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek meselesi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleriň hatarynda durýar. Milli aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internetiň tizligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, durmuş hyzmatlary döwlet we döwlete degişli däl edaralar tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýtynyň binýadynda (www.mlsp.gov.tm) «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly portal hereket edýär. Onda kärhanalar, edaralar, guramalar, aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler boş iş orunlary üçin zerur hünärmenler we işçiler barada maglumatlary ýerleşdirýärler. Hasaba alnan iş gözleýänleriň iş berijiler bilen gös-göni habarlaşmaklary hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalaryň netijesidir.