Sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa ulgamyna eýe bolan, tapgyrlaýyn gurulýan merkeze öwrüldi. Arkadag şäherini ösdürmek işleri maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi bilen, şäheri ösdürmekde täze wezipelere badalga berildi. Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy şäheriň ähli ulgamynda durnukly ösüşi gazanmagy, şäheriň dolandyryş ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy, olary yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmegi, şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar. Konsepsiýa ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeleriň toplumyny öz içine alýar.
Arkadag şäherini ösdürmegiň häzirki we geljekki meýilnamalary, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işler ylmy taýdan esaslandyrylandyr. Täze ilatly merkezde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şäherde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bolsa, güýçli depginde alnyp barylýar, işleriň talaba laýyk alnyp barylmagyny Gahryman Arkadagymyz yzygiderli gözegçiliginde saklaýar.