Halk döredijiliginden peýdalanmak

12 Noýabr 2024
541

Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek çagalary akyl taýdan ösdürmekde ähmiýetlidir. Çagalar baglarynda bu derse ýörite sagatlar berlip, körpeler sanamagy, hasaplamagy, deňeşdirmegi, tapawutlandyrmagy, böleklere bölmegi, giňişlikde ugur tapmagy, wagty kesgitlemegi, ýönekeýje meseleleri düzmegi we çözmegi öwrenýärler. Men hem uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparda matematika dersi boýunça öwrediji-ösdüriji oýunlardan, halk döredijiligi bolan matallardan, tapmaçalardan, sanawaçlardan, nakyllardan, ertekilerden peýdalanyp geçmäge çalyşýaryn. Ondan başga-da, goşgularda duş gelýän sanlary mysal getirýärin. Munuň özi körpelerde matematiki düşünjäni kemala getirýär.

Biz — terbiýeçiler ýaş nesillerde milli mirasymyza söýgini, buýsanjy terbiýelemegi maksat edinýäris. Milli mirasymyzyň özeni bolan halk döredijiligine degişli bolan sanawaçlar, matallar, tapmaçalar, nakyllar, ertekiler arkaly guran matematika sapagyma çagajyklar uly höwes bilen gatnaşdylar. Sapakda kompýuterden, multimedia tagtasyndan peýdalanyp, çagalara ertekileriň gahrymanlarynyň eşiklerini geýdirdim. Olar bilen ýörite sahnajyklary hem taýýarladyk. Sapagyň dowamynda matallary, tapmaçalary, nakyllary, ýaňyltmaçlary goşgy setirlerine geçirip, çagalara ýatdan aýtdyrdym. Sorag görnüşindäki goşgulary çagalara hödürledim. Olar bolsa dogry jogabyny berdiler.

Jemile GAIPOWA,
Kerki etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.