Türkmenistanyň söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Diýarymyzda ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň maksady orta we uzak möhletleýin strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa maýa goýum syýasatynyň netijeliligine gönüden-göni baglydyr. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, şol sanda dünýä ýurtlarynda sergilerdir forumlaryň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen forum hem şol çäreleriň üstüni ýetirdi.