Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

11 Noýabr 2024
342

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň geçirilip, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar şol mümkinçilikleri giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmegiň wezipeleri kesgitlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen işlenip taýýarlanan bu Konsepsiýa esasynda iň gowy dünýä we milli tejribeleri esasynda bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.

Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde esasy ugur bilimli, ylymly, watançy şahsyýetleri kemala getirmek, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar. Şunda pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeltmek, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak baş wezipeleriň biri bolup, döwletimiz tarapyndan bu ugurlaryň ösdürilmegi üçin degişli şertler döredilýär.

Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.