Türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna

11 Noýabr 2024
269

Hasyl toýy mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýatyň medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň  ajaýyp meýdançasynda guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna eýe boldy. Giňden guralan toý çäreleri welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň,  talyp ýaşlaryň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işgärleriniň  gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. 

Hormatly Prezidentimiziň Hasyl toýy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan hasyl ussatlary bu ýerde çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Muhammetgylyç Tagangylyjow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».