Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

11 Noýabr 2024
284

Welaýat adalat bölüminde geçirilen duşuşykda ildeşlerimize ýurdumyzda täze kabul edilen kanunçylyk namalary we olaryň ähmiýeti dogrusynda düşündiriş berildi. Bu duşuşyga Türkmenabat şäherindäki bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda ildeşlerimiz gozgalmaýan emläge bolan hukuklar dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallary orta atdylar. Welaýat adalat bölüminiň işgärleri tarapyndan bu sowallaryň ählisine göwnejaý jogap berildi.

Maksat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Türkmenabat şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.