Melhemler hazynasy

8 Noýabr 2024
261

Sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bardyr. Bu ösümlikler ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XVI jildini okap çykanyňdan soňra bu hakykat ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dabaralanýar.

Gymmatly gollanma bolan ylmy-ensiklopedik eseriň täze jildi türkmen halkynyň Milli Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen ajaýyp kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Onda jana şypa berýän dermanlyk ösümlikleriň 106-synyň melhemlik häsiýetleri, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, olardan derman taýýarlanylyşy hem-de lukmançylykda ulanylyş usullary barada jikme-jik söhbet edilýär. Kitapda öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň suratlarynyň we olar baradaky ylmy maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVI jildi ynsan saglygyny goramakda we dikeltmekde, fitoterapiýany ösdürmekde gymmatly çeşme hökmünde giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özünde jemleýär.