Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň şäheri

6 Noýabr 2024
243

Berkarar Watanymyz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dörän ajaýyp şäher milli we döwrebap binagärlik däplerini özünde jemleýär. «Akylly» şäheriň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyň, diplomlarynyň ençemesine mynasyp bolmagy onuň halkara ykrarnama eýe bolandygyny subut edýär. Şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide  Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy ajaýyp şähere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň güwäsidir. 

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, oňa döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi.

Hojabibi ARAZDURDYÝEWA,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.