Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler barha nusga alarlyk derejä göterilýär. Bu buýsançly hakykaty nebitgaz ulgamynyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitindäki «Çeleken» baýlyklar mesgeninde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu kärhananyň türkmen Diýarynda nebit çykarmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň ýerasty genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanypdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen 10 aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan nebitiň möçberi 49 müň 223 tonnadan hem köp boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 105,2 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Bu baýry hazynalar ojagynda gürrüňi edilýän döwürde guýulardan ugurdaş tebigy gaz almagyň meýilnamasyna 104 göterim amal edildi.