Gözellik merjeni

5 Noýabr 2024
269

Gözleriň bilen gören taryhy wakalaryň ýüregiňe has-da yssy görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.

Ak mermerli Aşgabat sebitiň iň işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, okgunly ösýän geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onuň binagärlik keşbinde gözellik we milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar. Professor Hans Maýsner şaýolunyň aýlawly çatrygynda gurlan «Kalbyň şypasy» atly bina hem bu künjege özboluşly görk berýär. Mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işjeň peýdalanylypdyr.

Gadam SÖÝEGOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.