Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler berkarar Diýarymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar we bolelin durmuşynyň, röwşen ertiriniň ygtybarly üpjün edilmegine gönükdirilendir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan täze elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi hem bu buýsançly hakykatyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda gurlan häzirki zaman bekedi Demirgazyk — Günorta transkontinental ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän Etrek etrabynyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ugratmakda hem bähbitli desgadyr. Umumy tutýan meýdany 128 müň inedördül metrden geçýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bekediň gurluşygyny «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasyna laýyklykda, «Lebapenergogurluşyk», «Maryenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanalarynyň, «Türkmenelektrogurnama» ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň we «Türkmenenergoabatlaýyş» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler.