«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»

4 Noýabr 2024
895

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly ýylda geçirilen taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusy parahatçylygy, abadanlygy, asudalygy ündeýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň mazmunyny, gymmatyny çeper beýan edýän ajaýyp eserdir. Parahatçylygyň geljege iň mukaddes, gymmatly mirasdygy, ömürleriň manysynyň söýgi-mähir, yhlasdygy, bu dünýäniň bir-biregi hormatlap, sarpalap ýaşamaly dünýädigi bu ajaýyp şygyrda täsirli, çeper beýan edilýär. Bu şygyr parahat dünýämiziň abadançylygyny, asudalygyny geljegimiz bolan bagtyýar nesilleriň hatyrasyna goramak barada külli adamzat üçin çagyryşdyr. Parahatçylyga, asudalyga çagyryş — adamzat durmuşynyň gazananlarynyň içinde iň mukaddes düşünje. Parahatçylyga çagyryş — ynsanyýeti dostluk, ynsanperwerlik atly beýik ýörelgä çagyryş. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň äleme dolan umumadamzat bähbitli tutumly beýik işleri hem hut şu mukaddes düşünjeden ugur alýar. Parahatçylyk bilen bagly islendik pikir, islendik döredilen sungat eseri adamzady bakylyga alyp gitjek mukaddeslikden nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu şygrynda:

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,
Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,
Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!
Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».